Agyr ýagdaý
Sowet şahyrynyň ýagdaýy agyr,
kompartiýa arka diräp,
el çarpylýan goşgulary döreden,
hemem bary düzüw syýasy taýdan,
gidýär olar nobatyna, gezekli,
örän söýen durmuşyny terk edip,
çörek atly, pyýadaka ulus il,
şol öňküsi ýaly, ýa ondan beter,
gynanjak ýok yzlarynda çagasy,
ýa-da juda ýakynlary bolmasa,
ýa ýazjak ýok portretin seredip,
gazetlerde galan goşgularyna,
özleri dek tapylmasa birisi,
sowet kgbesin kaka edinen,
saklan bolup adat bolan dessury,
sowet şahyrynyň ýagdaýy agyr,
birazajyk ozal gaçansoň ugry.