Ýol meselesi

Pikir etme, ýanýan bolmaz keýpine,
sen ýanmasaň, öz işiň däl ýeke-täk,
dogry, durmuş seniň özüňki şeýle,
hala oýun, hala çyn bil isleseň,
sebäbi sen, başgalar däl, ýat, ýakyn,
aglamaly onuň agysy üçin,
bolsa, dogry, gülküsine gülmeli,
başga üçin anekdot ol, düşünseň,
sen ömrüňi ýaşajak bol manyly,
nöker bolman ogry-jümri, kezzaba,
diýme hemme, hiç parhy ýok, ölmeli,
parhy bardyr ýerden turanyň mydam,
parhy bardyr garşy duranyň mydam,
top-tüpeňli goşun bolsa-da ogry,
a turmadyk gülki bolar, baý-garyp,
ýa-da emel ýeten uly,
däli edip bar ýan ýoly.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024