Allany aljyradan asyr

Malyna ýapyşyp ýaşaýar millet,
bolsa eger iki-ýeke.
Ýerine ýapyşyp ýaşaýar millet,
ogry döwlet tutup beke
tozdurýança, çökerýänçä;
azan emeldarlar çapyp al atyn,
sylamaýar hala ýomut, ha teke,
ýa perişde gelsin garyp-pukara,
ezilen bendäniň eşigin geýip,
içen wagty, çeken wagty;
çörek gözläp, ýat illere çykan är
her gün säher hak-hudaýa ýalbaýrýar,
gora diýýär, ölsem yzymda çagam,
garry enem-atam, aýalym galar,
bir diregim sensiň ýeke,
emma, meger, işi başyndan agdyk,
alla pahyr ýetişmeýär köp ýete.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024