Gaýrat meselesi


Uzak ilden hat ýazypdyr bir ýigit,
talap edip adalaty haýsydyr,
megerem özüne gerekli, zerur,
hem belläpdir ahyrynda jogaba
umyt edýän gaýrat taparsyň diýip.
Okadym, oýlandym, taşladym gyra,
sebäp oňa jogap ýazmak gaýrat däl,
geçen ýaşlygyňy edýärdi talap,
öňýetene söz zaýalap ýitiren,
köýdüren günleriň özüňi iýip...

Ýa-da, belki, gaýrat diýip o bende
"Gaýrat" medalyna düşünýär şindem,
nirede bir gaýratsyza berilýän,
uzak ilden hat ýazypdyr bir oglan,
ilki gahar etdim, a indi gülýän.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024