Adamyň başga-başga görnüşleri
Adam nirelerden gelipdir nirä,
ýa-da näme göreşiniň manysy,
hökümeti alan düşünmez, bilmez,
ýa-da hökümetde bolup iki gün,
ömürlik aýlanan beýnisi, başy,
görüp biler ne yzyny, ne öňün,
sebäbi olaryň görüşi başga,
barýan ýoly başga, ýörişi başga,
kürsi, kürsi, kürsi alyp dünýäsin,
belki-de bireýýäm ýüregi ölen,
wepat bolan beýnileri,
nikalaşyp ýalan bilen...