Asynyň mazar daşy üçin ýazgy
Milli bähbitlere ikilik näme?
Ogurlamak özüň üçin, elbetde,
döwleti çökerip, ýurdy çökerip,
milleti çökerýän adamlar bilen,
içinde ýa daşarsynda watanyň,
bileleşmek, öwür-çöwür öwrenmek,
sada adamlary, çagaly, garyp,
tutulmasaň, soňuna çen talamak,
a tutulsaň, toba etmek, elbetde,
hudaý diýip, alla diýip aglamak,
hemem bagtyň çüwse, gutulsaň, gaçsaň,
çöl ýerlerde şagal görmän tilki dek,
gep-sözüňde şirmi-gaplaň awlamak,
özüňi aklamak çem gelen ýerde,
milli bähbitlere ikilik, belki,
ýüzüňe çekilýän ak-gara perde.