Ezijisine mynasyp il

Adam ilki oglan bolýar, ýaş bolýar,
gowy bolýar, tämiz bolýar ýüregi,
hemem çyndan il-gününe gynanýar,
basylyp alynan, urlup-çapylan,
ärleri ýaşasa agzy ýaşmakly,
erkini elinden aldyryp, gorkup,
depesinde taýak döwýän partiýa,
näme diýse, lepbeý diýip, bükülip,
adam ilki il-gününe gynanýar,
hemem il dek ýaşan bolýar bukulyp,
emma satlyk hanlar tanaýar ony,
görýär onuň gözündäki uçguny,
öldürjek bolýarlar gyssanyp örän,
döwlet maşynynda üstünden ýöräp,
adam ilki oglan bolýar, ýaş bolýar,
soň düşünýär millet nämüçin egsik,
nämüçin mynasyp gelen ýerine,
ýa bolmasa özüçe ýok nadana,
ogry bilen jümrä neden baş egsin?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024