Diktatura gurluşygy
Diktatura ýa-da şura,
hökümeti gyzyllaryň
bir ýa iki millet bolup,
bir ýa iki tire bolup gurulmaz,
öňe giden, yza galan,
uly dogan, kiçi dogan, parhy ýok,
diktatura, boýun alyň,
bileleşip dörediler,
bile bolup gurular ol,
mertlikde däl, namartlykda,
ogurlykda, egrilikde,
dogrulary üýşüp ýykyp,
o tireli, bu tireli,
o milletden, bu milletden,
kömekçiler ýetişmese
ýykyp bolmaz mert adamy,
az-da bolsa başyn egmez,
öldürmeseň, çäräň ýokdur,
çäräň ýokdur çagalaryn
ýetim, ýesir etmeseň sen,
Çingiz ýaly, bular galsa,
meniňkiler gülmez diýip,
garşy çykan iki-ýekäň,
jiger-bagryn sogrup iýip,
diktatura bile gurlar,
ýekelikde gurulmaz ol,
bile oýnap, gülüp gurlar,
ezjiz hakyn alyp gurlar,
bir-birege arka durup,
emel salyp bir-birege,
bir-birege badak atyp,
zäher gatyp çaý-çörege,
bir-biregi arzan satyp,
gan bilen gurular şura,
gyzyllaryň hökümeti,
hem yzyndan gelýän onuň,
gurýan wagtyň oýlan, oglan,
soň ýazgarman ony, muny!