Adamyň bagty
Tomaşaçy pulun berip,
bilet satyn alýar ilki,
hem tomaşa edýär baryp,
kino bolsun, ýa-da oýun,
başga işin soňa goýup,
belki, arasynda gülýär, aglaýar,
adamyň öz işi pulun berensoň,
ýöne durmuş saňa oýun ýa kino,
ýa tomaşa zaly däldir mugtuna,
ýa internet, ýa-da YouTube,
saýlamasaň, seljermeseň, bilmeseň,
barmaly, görmeli, eliň çarpmaly,
ýa gyşyjak söz atmaly, gülmeli,
oýnamaly oýun däldir bolgusyz,
aýdaly, wagtyňy öldürer ýaly,
başga işiň ýok, hamala, edere,
başga ýoluň ýok, hamala, gidere,
hemem ömrüň uzak, pursat bar entek,
ýagny şeýle pikir etseň, düşünseň,
pikir etseň seni oýnaýan tentek,
ýa-da wagtyň ogurlaýan aç-açan,
sen ozaly tomaşaçy özüňe,
özüň girip öz jübiňe,
özüň urup öz öýüňi,
şu günüňe tomaşaçy,
ertiriňe tomaşaçy,
tomaşaçy maşgalaňa, çagaňa,
kitaby, depderi alnyp gaçylan,
diýmek, ogurlanan geljegi, ýagty,
dowam et özüňe bolsa, ýarasa,
aýakgap dek geýip alsaň arkaýyn,
laýyk bor özüňe öz alan bagtyň.