Syrly sahna
Durmuş saňa şol bir köne sahnany
ýa-da şol bir kinojygy görkezer,
gaýtalap, gaýtalap, gaýtalap, belki,
şol bir adamlary, her ýere barsaň,
şol bir rollary oýnaýan, gülýän,
ýa aglaýan arasynda hyýaly,
hemem siňe baksaň, täzelik azdyr,
birbada bolsa-da täzeräk ýaly.
Nirä gitsin, nirden gelsin, garaşsyn,
näme geýse, geýsin adam çagasy,
näme iýse, iýsin adam çagasy,
ýa nähili bolsun maşyny, jaýy,
ýa-da näme diýsin adam çagasy,
manysy, mazmuny üýtgemez beýle,
hala ertir bolsun, hala gün öýle;
durmuş saňa şol bir oýny görkezer,
adam bähbit üçin satar özüni,
adam bähbit üçin satar özgäni,
ot-çöpi däl, mal-gara däl ýolunda,
özi ýaly adamlary basalar,
parhy bolmaz keseki ýa ýakyny,
bilip-bilmän özün basalar adam,
säginýänçä bir gün öz-özi ýadap...
Hiç garama kembaha ýa artykmaç,
adam özün sözi bilen görkezer,
adam özün işi bilen görkezer,
eli gelse, nebsi, işdäsi bilen,
adam özün iýşi bilen görkezer,
dur diýeni sylap goýmaz başarsa,
baş gemirýän dişi bilen görkezer.
Sol bir sahna gaýtalanar, eý, aman,
düşün ýa-da düşünme sen nämüçin,
tana ýa-da tanama sen özüňi,
näme diýjek bolýar ýaradan taňry,
bir aýdymy ýa-da sazy gaýtalap,
çagyrýarmy özüňe ol has ýakyn,
ýa-da git diýýärmi özüňden aňryk?..