Halasgär meselesi
"Onda gel-de, sen bizi halas et!" YouTube kanalyndaky çykyşyň aşagynda galdyrylan ýazgy
Bagyşla, bu sadalykmy ýa oýun,
hem parhy ýok haýsy bolsa,
köpler geçdi bu sapagy bireýýäm,
öý işini etdi ýa-da etmedi,
ýa bahasyn aldy başga ýol tapyp,
biljek biler, belki, bilmejek bilmez,
seni halas etjek diýip,
hiç kim deňiz aşyp gelmez.
Bolmaz indi o diýeniň,
ýa-da bolsa, özüň bilýäň,
soň gerek bor halas bolmak
öňki halas edenlerden,
garnyň suwa atyp, näçe garaşsaň,
geçdi ol döwürler, Moskwa ýazyp,
adalaty biraz dikeldip bolýan,
Moskwanyň zory bilen ýykylan,
bir topar milletiň gabryny gazyp.
Ozal ejiz tapsa, urup, uşadyp,
gylyçdan hem okdan geçiren gelip,
talan hemem özi ölýän halasgär
nädip saňa gol uzatsyn galmaga,
seret dünýä, goh-galmagal,
haçan durjak öz aýagyň üstünde,
haçan özüň öz kelläňi ulanjak,
ýa-da näme etjek halas bolup sen,
bukulyp ýaşaber ozalkyň ýaly,
ýüwrüp näme mugt berilse almaga...