Seniň işiň
Seniň aklyň ýetmez dünýä,
adamlara düşünmersiň,
dillerini öwren näçe,
öwren näçe päl-niýetin,
wagtyň ýitir, ömrüňi ber,
sebäbi dil sözlemez kän
ýürekdäki ýatan zady,
çalak-çulak aýdylsa-da,
kelte bolar adam ýady.
Seniň aklyň ýetmez dünýä,
adamlara düşünmersiň,
düşünmersiň dinlerine,
hudaýyna, imanyna,
bar diýseler barmy ýa-da
ýok diýseler ýokmy haky,
ýa-da alla biznesimi,
perdesimi diňe ýüze,
ýa daýanjy, ynanjy ne
urulan, ezilen halkyň,
ýa ok-ýarag bolsa kimde,
saçmalymy baky ýalkym?
Öwrederler ýaşlygyňda,
okadarlar goşgy, gazal,
ertekide, dessanda kän,
uzak galman ýeňer haýyr,
ýük egrisi gitmez uzak,
ogry, azan açar ýüzün,
öz-özüne gurup duzak,
ynanarsyň, ýaşsyň çünki,
emma şaýat bolarsyň soň,
ogry uzak gider mydam,
egri uzak gider mydam,
dogry, düzüw galar yzda,
çaň-tozana çümüp, batyp,
seniň aklyň ýetmez dünýä,
turup oýlan, oýlan ýatyp.
Seniň aklyň ýetmez dünýä,
akylly bor iň akylsyz,
iň bihaýa, has anygy,
ýa-da oýny gelýän oýna,
hemem düşün, pany uzak,
ýüzi ýyrtyk ýa tersine,
ot ýakdyrmaz gurda, goýna,
emma işiň bitirjek bol,
ertire ýa başga goýman.