Ýoldaky ýagdaý
Adamy özünden gözleme, çünki,
özi barmy ýa ýok, belli däl onuň,
ýa-d bolup, ýitirdimi bireýýäm,
ýa-da tapjak bolmadymy hiç haçan,
ýa düşdümi başgalaryň yzyna,
nirä barýanyny bilip bilmedik,
ýa özüni tapman, ýitiren birçak,
gitmesiz ýollarda, çepek dek harjap.
Sen adamy tapjak, tanajak bolsaň,
ýa-da biljek bolsaň näçe göterim
özi bilen ýaşaýar ol çekinmän,
iller näme diýer diýmän, ýaýdanman,
ýa utanman gülenlerden yzyndan,
özleri kim, näme, bilmän, düşünmän,
sen adamy gözleme hiç özünden,
çünki özi barmy ýa ýok, belli däl,
niçik halda, seret, ýüzünden gözle,
synla-da siňeräk, gözünden gözle,
hemem diňle biraz, sözünden gözle,
aýdar ol nirede, niçik kösenýär:
men-menligiň derýasyna gaçdymy,
ýa nebsiniň guly, gark boldy malda,
iýip-çmäň, münüp-guçmaň keýpinde,
ýa-da şöhrat diýip, gara heläkmi,
ýa eli ýetmedi özüne hergiz,
ýa barmadyk ýeri hakda gürleýär,
görmedgin saňa görkezjek bolýar,
adamy özünden gözleme, çünki,
sebäbi ol oňa barmaýar aňsat,
käsi ugramaýar özüne asla,
käsi gitjek bolsa, saklarlar zordan,
a köplügiň özi ýoldan sowulýar.