Altmyşyň alnyndaky sorag
Milletiň çüprände näme etmeli?
Okamadyk ownuk bolsa, pes bolsa,
a okany bolsa ondan hem beter,
aňyrlardan garan bolsa,
tor-kerebin saran bolsa,
oýnan bolsa seniň bilen,
özi bilen iň ýamany,
sözi bilen iň ýamany,
bir gün gelip bir zat diýse,
ikinji gün başgasyny,
ýürekdäki niýetini
gizlän bolsa bukup, besläp,
gara günde ulanjak dek,
meçew beren bolsa daşdan
başyňy goýaňda orta,
sowýan ýaly janyň artyk,
kän bolansoň iliňkiden,
tireparaz, taýpaparaz,
pursatparaz, ýene näme,
düşünmese bilýäniň däl,
görýäniňi için, pälin,
aýdyp, diýip durmasaň-da,
söz zaýalap günde dälin...
Milletiň çüprände näme etmeli?
Tireparaz, taýpaparaz,
pursatparaz, çemi gelse,
böler seni keseki dek,
duşman eder milletiňe,
dönük eder, satlyk eder,
bilse eger ýok etjegin,
gözden düşmek nämemişin,
ölümden-de etmez heder.
Milletiň çüprände näme etmeli?
Mantygy bolmasa iliň,
mantysy bolmasa iliň,
oň nämüçin bolmaýanyn bilmese,
ýa bilmese ony kim alýar, iýýär,
düşünmese agzy näme gepleýär,
ýa lal açan dili nämeler diýýär,
üstesine gülen bolsa ýeňsäňden,
hamala sen oýnap ýören oglanjyk,
ýa-da ýarym litr üçin çyrşaýan,
ýa topulýan ýaraly it, sebäbi
ynjanmyşyň bir adamdan,
wah, nämäni gaty görjek nadandan?
Milletiň çüprände näme etmeli?
Goýmaly-da gaçmalymy bir ýerde,
atasyz dogrulan çaga mysaly,
biri görse halas eder ýa öler,
men esasy daş duraýyn gowgadan,
gepinden hem gybatyndan, dat diýip,
ýa-da ýaşamaly göreşiň bilen,
ownuklyga garşy durup,
garşy durup içigara, göribe,
hem göreşiň üçin çar ýandan ýagýan
zäheri, awyny, ýigrenji iýip?..
Milletiň çüprände näme etmeli?