Surat

Gürleýän adam

Puly gürleder adamy,
maly gürleder adamy,
pikir etme, akyly däl,
aly gürleder adamy.

Ynanar ol ýalanyna,
öz-özi gaýtalap, aýdyp,
ýalan bilen ýaşan uzak
hiç özüne gelmez gaýdyp.

Eger akly bolsa biraz,
dymar adam, gorkar gaty,
sebäbi düşüner, görer,
kim-kimleriň çykar aty.

Ýöne batyp käte suwda,
saly gürleder adamy,
güni geçmez, agyr, ýeňil
haly gürleder adamy,
agzyn dykjak kändir, dogry,
emma bir gün içindäki
däli gürleder adamy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024