Surat

Ozallar bolupdyr

Amerikan syýahatçysy Teddi Roýyň 1968-nji ýylda türkmen ýaşulysy bilen düşen suraty golaýda internetde peýda boldy.

Ozallar bolupdyr, ynanýan, ilde
ýaşuly-da, ýaşkiçi-de ornunda,
gaty kän däl, az-da bolsa,
adam gören ýaly görseň suratyn,
a indi görýärin kileň
gurjaklary ak sakgally, oýnatgy,
ýa sakgalsyz, gyraw basan başyny,
ýa ýaşlary, tahýalaryn göz edip,
böküp duran kim-kimleriň öňünde,
birçak hapa syýasata aw bolan,
alla, näçe dowam etmeli beýle,
haçan millet diýer özüne dolan?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024