Meniň derdim
Bilmedim hak ýalkadymy, gargady,
diýip, aýdyp, egsip bilmedim derdim,
ýogsa baryp heniz 97-de,
ýas ýerinde adym tutup bir goja:
- Inim, bilgin, ýalkanarsyň - diýipdi,
- her bir sözüň üçin tirýege garşy,
geroine garşy dik durup aýdan,
döwlet syýasaty neşe bolanda,
tirýek, gerre çigit ýaly köçede,
tas aç-açan satylanda...
A başgasy diýdi ugradyp gije,
döwlet serhedinde: - Uzak ýaşarsyň,
çünki sözüň çüýredeňok bagryňda,
bizi içde galan sözler öldürer...
Bilmedim, hak ýalkadymy, gargady,
aýtjak, diýjek bolup ilimiň derdin,
gül ýaşlygym ýele, tozana berdim.