Bir nakylyň iki manysy

Magtymguly, owal özüň düzetgil. Pyragy

Bolýar özüň näme diýseň, gürleseň,
hakykatmy ýa-da ýarym hakykat,
sebäbi söz azatlygy, erkinlik,
garşydaşyň söz tapmasa aýdara,
ýa-da dymyp ýeňmek islese diňe,
diýen bolup itler üýrer, a kerwen
haýsy bir güjüge seretsin siňe?
Belki-de bu seniň sözüň güýjüni,
ýa aňladar gowşaklygyn beýlekin,
dikýip bolar, walla, gorkdular olar;
emma sözüň azatlygyn ulanyp,
ertesi gün uýat ýeriň açsalar,
gywlasalar arkasyndan tutynyň,
jogabyň bolmasa anyk, aç-açan,
hem ulansaň ýokarkyja nakyly,
utuldym, ýeňildim diýdigiň bolar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024