Surat

Hyýaly durmuş

Adan neden geçmiş ilen ýaşaýar,
ozalky ministr, ozalky häkim,
ýa ozalky orunbasar, deputat,
prokuror, sülçi, sudýa, aklawçy,
KGB-çi ýa-da syýasy tussag,
ýüreginde arman, gözünde gussa?

Adam neden geçmiş bilen ýaşaýar,
ýaşaýar ol geljege garaşyp,
gowy bolar, belki, hemme zat diýip,
ýaşamaýr şu gün bilen köp adam,
ýa geçmişi goýbermeýär ynsany,
ýa-da öňki wezipesin isleýär,
hünäri ýok bolsa, hor bolýar adam,
ýetim galýar wezipesin ýitirse,
emeldar bolanda elinden gelen,
eden işi, ýaşan ýaşy ýyladýar,
gelmez ýaly edýär göwnüne elem,
emma adam wezpede azanyn,
ters işlerin ýatlamaýar bolsa-da,
ýa olary basyp aşak güýç bilen,
bilinýänin salan bolýar bilmeze,
ýaşaýar ol gelejege göz dikip,
käte, belki, geçene hem gelmeze.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024