Populizm problemasy
Sen bir minut, iki minut, bir sagat,
gaýrat et-de çykar kelläňden meni,
biz diýip gör bir gezejik ömrüňde,
siz diýip gör birazajyk ömrüňde,
kiçi dilden, diýme populist bolup,
syýasatçy bolup diýme bu sözi,
adam bolup, ata bolup diý diýseň,
dogan bolup ýa dost bolup diý diýseň,
iliň dili diýip gygyrma ýalan,
iliň aty diýip, gygyrma ýalan,
iti diýip, diýip däbi-dessury,
ýa söweşde ölenleri, ýurt gorap,
diliňe çolama, ýüregiňde men,
beýniňde men Lenin bolup otyrka,
ýa ýatyrka ýüregiňde Stalin,
gynansak-da, täzelik däl bu oýun,
kiçi dilden adam haky, hukugy,
ýa adalat hakda gürrüň edýänler,
ýa-da hudaý, iman, ynsap hakynda
akyl satýan azýar gözüň alnynda,
şemal çala össe ýa-da ösmese,
halkyň huşy kelte diýýärler, dogry,
ýöne populistde huş ýok aslynda,
ol bir sagat, ýarym sagat içinde,
on münutda öwsüp bilýär ýüz hili,
sen çykar beýniňden meni, watandaş,
azajyk, jinnek dek sylasaň ili!