Toprak goragy

Ozal beýle goralmazdy ýurt, toprak,
ata çykyp goralardy,
gylyç syryp goralardy,
goralardy ok-ýaý bilen,
goralardy göni durup,
gaça urşup käte, belki,
güýçli bolsa gelen duşman,
emma gaçyp, dagdan aşyp,
çagalary, aýal-gyzy gižželäp,
dil kömegin berýän diýip,
pul kömegi, ýok, mümkin däl,
ýalan sözläp goralmazdy,
öz aýbyňy ýapmak üçin,
şükür, indi gylyç-galkan derkar däl,
ogurlygy açyp, goralýar ülke,
ata-babaň bolmasa-da diplomy,
bugdaý sözi bardy garyp-gasara,
barylýan ýerleri ýyljak, rahat,
pul döküp bezelen wannaly jaýy
bolmasa-da o gerçekler bukulyp,
görkezmändi kimsä dogmadyk aýy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024