Putine degseň
“Hronikaň” kommentçisin geň görme,
ýa geň görme, Sapar bilen bulaşyp,
ömürlik ýa 25 ýyl basylyp,
Kremle hat ýollaýan harbyny,
beýik halasgärden kömek hantama,
megerem, ýalňyşy şäherde okan,
hemem öz iline ýokardan bakan,
öwrüme, aýlawa düşünmejek hiç,
at göçümin aňlamaýan, bilmeýän,
ýa düşünse, wagtynda däl, örän giç,
beýnisini TW bilen ýülmeýän,
Günbatarada ýüzüň alsa, gepleseň,
Garaguma gitseň, “welbulýud” diýýän,
tapsa birin, eger tapyp bilmese,
birden iki goýny iýýän,
obaly hem tutsa ýakaňdan towlap,
Putine zat diýseň, näme etmeli,
türkmen bolsaň, nirä gaçyp gitmeli?