Il we lider
Eger bolsaň, iliň bilen adamsyň,
milletiň aç bolsa, sergezdan bolsa,
sen at münüp, maşyn oýnap ýa uçup,
uçarlarda il puluna alynan,
owsun atyp, lider bolup bilmersiň,
atyň bilen, itiň bilen gomalyp,
dünýäni däl, özüň aldarsyň diňe,
el çarpanlar, 'şöhrat' diýip gygyran,
aklyň ýetse, seniň üçin ör turmaz,
özi üçin turar ogurlyk edýän,
paýyn alýan talaňyndan döwletiň,
hemem ertir, gyssagara, soralsa,
saňa garşy ýa-da ýüzüňe durar,
a ýeňsäňden güler 'samsykdy' diýip,
eger bolsaň, iliň bilen adamsyň,
adam bolup bolmaz ezip milleti,
onuň şu gününi, geljegin iýip.