Berilmeýän sorag
Iýmäge ýetmese milletiň puly,
gaýgy bolsa çaý-çöregi,
geýmäge ýetmese puly köplügiň,
aýakgaby tozsa, alyp bilmese,
aýlygy ýetmese täze köwüşe,
tünegi bolmasa üstünde abat,
ýa düşegin başarmasa täzeläp,
çagasyn bermäge çagalar bagy,
mekdebi bolmasa idili, düzüw,
iň agyr işleýän iň garyp bolsa,
wezipe satylsa, emel ýeteniň
ulusy, kiçisi parahor bolsa,
nämä gerek döwlebaşy,
ministrler, içerki ýa daşarky,
kazy-kelan ýa-da mejlis,
deputatlar, halk wekili, hamala,
din wekili, aýlyk alýan metjitde
döwlet ogrusyny alkyşlap, öwüp,
bu soragy bersem, anyk bilýärin:
döwletim bar berjek dişimi döwüp.