Sport gaty ösende
Sport össe, ony saklap bolmaýar,
ol şeýle bir ösýär, hatda dünýäni
aljyradan derdi-bela, keseller
durup bilmän, sowulýarlar öňünden,
sporty ösdürseň, bolýarsyň daýaw,
goşarlaryň güýçli bolýar,
güýçli bolýar jübüleriň,
igli çaga ýaly aglap oturman,
garyplykdan alyp çykýaň özüňi,
üstesine jigileriň,
hor-homsy hem ejiz galjak
ösdürmeseň sporty,
iň esasy gorkmaly däl, sebäbi
töwekgel ner bolar, endişe – maýa,
alada ýa gaýgy etme zor bolsaň,
münen atyň galan wagty çarpaýa,
öňem biri ösdürensoň sporty
gitdi-de bir ýere, gelmedi diýip,
sport össe, saklamarsyň sen ony,
yzyna düşmeseň, çepegiň geýip...