Halk we sen

"...All labor has dignity." Martin Luther King Jr

Sen daýhany adam saýman bilersiň,
sen maldary adam saýman bilersiň,
sen işçini, mugallymy, lukmany,
hatda okuwçyny hatara düzüp,
kemsidip bilersiň ile göz edip,
köçe süpürýäni, nan bişirýäni...
äsremän bilersiň, adam däl ýaly,
guwanyp ogurlan malyňa, pula,
bolýan bolsa, ýaşa şeýdip birsellem,
il aglak bolanda, nämeler bolmaz,
ýöne men bilýärin, bilýär köp adam,
iň garyp daýhanam beýikdir senden,
iň pakyr çopanam halaldyr senden,
iň gara işdäki garyp işçiler,
köçe süpürýänler, kim bolsa bolsun,
senden arassadyr, tämizdir eli,
ýürekleri agyrýandyr ýurduna,
nä günlere düşjek, belli däl, ertir,
emma sende ýürek ýokdur oň ýaly,
zoraýakdan adam boljak bolýarsyň,
bag ekseň-de, guma düşedip haly...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024