Surat

Türmebaşy bolmankaň...

Adam nirä bardy, nireden çykdy,
nirelerde haýsy bagdan ýykyldy,
nämeden gorkmaly, näme hatarly,
awunsaň, düşünjek, biljek bolmaly,
ýiten bolsaň gözlemeli, tapmaly,
käte öz-özüňe geljek bolmaly.

Emma güýçli bolar bilmez arkasy,
iň ýamany okajak däl, biljek däl,
diňlejek däl näme diýseň, gygyrsaň,
äsgerjek däl, gülen boljak başarsa,
biri ýazyp berse, ýazyjy boljak,
zat diýmeseň, ogurlajak ýa aljak,
sözlem näme, näme işlik ýa sypat,
biljek bolman arasynda kämahal,
öz-özüne boljak sowulmaz apat.

Sowatsyz boldukça, burny ýokarda,
nadan boldugyça, gedem bor adam,
aç diýseň, tersine, ýumar gözüni,
gynanarsyň zaýalasaň sözüňi,
görüp durkaň ýagdaýyňy, general,
bir nökersiz, urşa girmän ýeňilen,
yzyňda ne gardaş, ne-de uýaň bar,
dünýe meniň arkam diýmek ne derkar?

Arzuw etmek gadagan däl, elbetde,
kim islemez egsik ili ezmegi,
özi üçin turup, durup bilmeýän,
bal ýalatjak diýip, dilinde, sözde,
emma entek türmebaşy bolmankaň,
iki-ýeke gepleýäni ökderäk,
düşürjek bolma-da heňkirip gözden?!.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024