Gerek wagty gürlemeýän
Özi üçin gürlemegi bilmeýän,
başarmaýan has anygy,
diňe dymýan hökman diýmeli wagty,
suw kesilse, başgalardan garaşýan,
çyra öçse diýýän goňşym jaň etsin,
hemişe başgany iterýän öňe,
almaly däl, eger bermeli bolsa,
töwekgellik bolsa çala ýa uly,
iten ýaly dostuň saňa ynansa,
minaly meýdana, arassa diýip,
soň yzyndan ýörär ýaly arkaýyn,
geçer ýaly ölse üstünden basyp,
soňundan kim bolup gürrrüň etse-de,
aldasa-da çagasyny, özgäni,
özi öz sözüne ynanyp bilmez,
minadan öleni ýatlasa biri,
ýagşylykda adyn tutsa neressäň,
ýüzi güler, emma ýüregi gülmez.