Surat

Koronawirus dersi

Ozal bir wirusdan gacyp gutuldyk,
barmaklary ýüzüklidi owadan,
ýykdy jaýymyzy, uly ýa kiçi,
dikuçarly depämizden aýlanyp,
döwleti ýumurdy gelýänçä üçi...

A soň ikinjisi geldi, eglendi,
ýene ýurdum diýen itildi aňry,
alla, hudaý bolsa, berdi baýlara,
garyplara hossar bolmady taňry,
goşgy ýazdyk, kyssa ýazdyk çydaman,
emma arzan bagşylary diňleýän,
meýlise çagyrýan pul töläp petde,
millet bizi gözlemedi, bakmady,
ýa-da güldi iki-ýeke gutulan,
mesler, türmä düşmän galan ogrular,
ýüzümiz gyzardy, gaty utulan
ýa-da oýna goşulmadyk çaga dek,
sebäbi dünýäni düzetjek ýaly,
halas etjek ýaly öljek milleti,
ýykylan ýurdunda düşenip haly,
ýazýardyk geçmejek goşgy-gazaly,
ölmedik umytdan çekip minneti.

Ozal bir wirusdan gaçyp gutuldyk,
barmaklary ýüzüklidi owadan,
soňra geldi ikinjisi, şäherli,
ýedi ýüz ýyl yza galan obadan,
a üçünji aldy dünýäni gurşap,
ulus-iller öý-işikde tutuldy,
emma indi däli ýaly gülünen,
gyjalatyn çeken ogry, kezzabyň
ol ozalky oglan däldik obaly,
geçmäge çekinen adamly ýerden,
hususan-da gyz-gelinli,
çünki gördük ak halatly,
ak ýürekli adamlary jahanda,
aýlyklary doýumlyk däl, dadymlyk,
emma gidýän her gün turup söweşe,
şahyr ýaly, her gün şere ugraýan,
emma hiç kim gülmeýärdi olara,
gülüşleri ýaly goşgy ýazýana,
şükür, ýazyp, ýanyp ýaşarys diňe,
gahar etmän öz gabryny gazýana.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024