Leniniň doglan günündäki oýlanma
Lenin diýýär adyna./Şol ýetişdi dadyma... K.Gurbannepesow
Ýurt bir günde ýykylmaýar,
millet sokulmaýar bir ýylda ýere,
agzyna suw alan ýaly depilse,
ýüzüne urulsa, gülýän, ýylgyrýan
bolmaýar ol aňsat, bäri-bärlerde,
ýurdy türmä öwrülmese, ölmese,
ölmezden öň tikenli sim gujaklap,
diňe mal-halyny alanyň bilen,
aç saklanyň bilen gul bolmaz adam,
hakyny gorany öldürip, gyryp,
galanynyň beýnisini ýuwmasaň,
öz dilinde goşgy ýazyp, saz düzüp,
aýdyma gygyrdyp gije we gündiz,
bakmasaň içinden satlygyn saýlap,
ýakmasaň şeraba, şerbede günde,
ýurt bir günde ýykylmaýar,
millet sokulamýar bir ýylda ýere,
ýa-da özi göwnäp, meýletin, böküp,
gassaphana barýan geçi mysaly,
millet özün özi güýlüp keýpine,
iş maly dek urup, ýenjip ýüz ýyllap,
örklemeýär gaty ýerde, aç-suwsuz,
hemem türmeleri, gany agzasaň,
gürrüň etseň çala adalat hakda,
haksyzlyga garşy çyksaň azajyk,
enesi, atasy ýiten türmede,
agalary öldürilen ýa ölen,
öldürýän döwleti, serdary gorap,
ýat illeriň tokaýynda jaýlanan,
ýumruk düwüp, gazap bilen galmaýar,
sen ýoýýarsyň diýip, taryhy, şahyr,
ogry tutan ýaly, ýüzüň almaýar,
diýmeýär men diri, basmaçyň ogly,
gowy okuwlarda okadym, ösdüm,
iň gowy işlerde işledim ahyr...
Ýurt bir günde ýykylmaýar,
millet sokulmaýar bir ýylda ýere,
şahyrlary satylmasa,
bagşy-sazandasy gul-gyrnak bolup,
milletiň aňyny nyşana alyp,
her gün top dek atylmasa.