Gaçanyň gürrüňi
Aşgabatda ýaşanyňdan kanuny,
ýaşan gowy Stambulda bikanun,
dogry, ezilersiň, kemsitme-de bor,
belki-de iň arzan işçi güýjüsiň,
üstesine, öýüň ýokdur üstüňde,
çagalaryň, ene-ataň yzdadyr,
geljek iki şaýa göz dikýän mydam,
14 sagat, 15 sagat işlärsiň,
surnugyp gelersiň her agşam ertir
ýene turup, işe gitmeli diýip,
emma çäre ýokdur günde-günaşa,
şöhrat diýip gygyrmarsyň hiç kime,
garnyň aç, aýagyň aýakgapsyzka,
üstesine gazetleri mejbury,
abunaçy bolup almarsyň her gün,
başdan-aýak ýürek bulaýan ýalan,
nadara žurnalist gülmez üstüňden,
ýigrendirip özüňi hem özgäni,
hemem içiň ýakyp ýylgyrýan adam,
her gazetde, her žurnalda unutman,
dünýä gülki edip gözel ilimiz,
ýok bu ýerde, şoňa şükür edýäris,
gara zähmet omursa-da bilimiz.