Pyragy bilen gysga söhbet
Pyragy, ýene-de dolandym saňa,
ne agam bar başga, ne-de inim bar,
öz oýnuny oýnaýan bar baý bolup,
ýa begler bar, pikir, niýetleri dar.
Dogry, sen aýdypsyň bireýýäm, birçak:
berimsiz beglerden, bahyl baýlardan,
çöle çyksaň, erkek çopan ýagşydyr,
ýa-da ýagşy mert garakçy daglarda,
emma çölümi-de aldylar meniň,
aldylar dagymy galtaman bilen,
a çopanlar gedaý galdy, aç galdy,
ýöne indi aglamaýyn, sebäbi
berimsiz beg hezil edip gülmesin,
tersine, men gülüp, goşgy ýazaýyn,
ýa ýanaýyn gülüp çirkin, ha-ha,
bahyl baýyň gapsyn gulagyn sesim,
ol baýlygyn bagra basyp, gyssanyp,
gara basyp tursun her gije, daňdan,
ýa gyrgyrsyn: gelýärler-ä, alýarlar,
men goşgy ýazaýyn agyr däl, ýeňil,
darykmasyn göwni, pikiri darlar,
görmesin özüni meniň goşgymda,
üstesine, baý ölende has agyr,
goýup gidýär bar baýlygyn yzynda,
garyplar dek, bir kepene çolanyp,
hemem heniz aljak bolup zadyny,
geleni ýok hiç yzyna dolanyp...
Pyragy, ýene-de dolandym saňa,
sen aglapsyň, arman, gülüpdir baýlar,
indi men güleýin, besdir, sebäbi
baý gidende bize görä kän aglar.