Adamyň saýlawy

Ý.Lewitanskiniň äheňinde

Boldugyndan, başarşyndan, elbetde,
her kim öz ömrüni saýlaýar, alýar,
öz ýoluny gitjek, hyzmatyn etjek
arwahyn ýa perişdesin özüçe,
ikiýüzli ýa-da bir sözli, höçjet.

Aýtjak sözlerini saýlaýar adam,
ýüregine görä, päline görä,
ýa-da sözüň özi saýlaýar ony,
açýar ýüzün, tanamanka özüni,
hemem adam ýaragyny saýlaýar,
saýlaýar söweşjek, öljek urşuny,
ýa yza çekiljek, garaşjak ýerin,
öz-özüni iýip, öldürip her gün,
hasaplaşmak üçin ahyry bir gün.

Iň erbedi, yrza bolup gidýän ýok,
goý, diýsinler özüm, pylan, pismidan,
hiç kinäm ýok öz ýoluny saýlandan,
ýolumy kesenden bilip ýa bilmän,
hakykatda saýlawy ýok adamyň,
bolsady, galardy ölmän.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024