Aýyp

Sen aýyplap gelme adamy bilmän,
haýbat atma, gorkar, çekiler diýip,
ýa ýaňsylap, gülen bolma ýasama,
görüp bilmän içiň ot alsyn, köýsün,
adamyň ýanyna adam bolup gel,
adam gerek bolsa eger,
gerek bolsa adam ýaly gatnaşyk,
aýyplasaň, aýyp taparlar senden,
gülseň, açyk ýeriň aýdarlar açyk,
sen agyrdyp gelme adamy bilmän,
goý, gaçmasyn ýa soň gutulma gaçyp.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024