Gazetler bilmez

Bir gün zynjyryňy, aňyňa urlan,
gyrarsyň, zyňarsyň özüňem bilmän,
haýsy gazet ýa-da TW
näme diýse, diýsin soňra,
ýa-da haýsy kärdeş, haýsy pikirdeş
garalasyn çykyp adyň,
ýa-da ilde, gulçulygy eý görýän,
kim ynansa, ynanasy gelse ýa,
ynansynlar, saňa tapawudy ýok,
sebäbi sen özüň bilýäň kimdigiň,
hem hakyky bilýänler bar, bilýärsiň,
içinde-de duşmanlaryň,
hatda şol gazeti ýa-da TW-ni
dolandyrýan bilýär, tanaýar seni,
başga diýip görkezse-de,
bolup bilse, boljak, belki, sen ýaly,
ýöne ol çekinýär, tutulsa birden,
çörek alyp, gelmez öýdüp aýaly.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024