Fakt
Käte adam şeýle samsykmy çyndan,
ýa samsygyň rolunda oýnaýar,
uzak gitjek, göze çöp atjak bolup,
kelläňi döwseň-de bilip bolmaýar.
Sebäbi mümkin däl diýýärsiň beýle,
heý, bolarmy adam göterim şeýle?
Beýle-de bir ýeňles bolarmy, oglan,
kölegesi köşek, agramy meşik,
guran peşmek ýaly böküp her ýele,
şemal össe uçup, gaýyp asmanda,
bäri-bärde yza dönmäni bilmän,
adam özün agyr saýyp bilermi,
uçup-uçup, gökden düşmän ölermi?
Ynan ýa-da ynanma sen, faktlar
höçjet bolýar, erjel bolýar diýleni.
Ýok, diýýärsiň adam ogly
bolup bilmez ýeňles beýle.
Ol ertesi böküp çykýar ekrana,
diýmek üçin: Ýok, men şeýle!