Bir gün
Sen wagtyňy ýitirmekden gorkarsyň,
sebäp wagtyň ogurlanar, alynar,
çagalykda oýunjak deň eliňden,
oglanlykdan kolhoz, sowhozyň guly,
maňlaýyňa ýazylandyr işlemek,
kril harpy bilen iri,
bagtyň gelip, dogulmasaň şäherde,
ýa şäherli garyp, çöregiň atly,
sen pyýada bolsaň yzynda, walla,
özüňi özüňe iýdirler diri.
Sen okajak borsuň, biljek bolarsyň,
düşünjek bolarsyň nämede bela,
emma wagtyň ogurlarlar ýene-de,
parhy ýokdur dini ýa-da dünýewi,
ganhorlary perişde dek göterýän,
aklaýan kitaplar goýlar öňüňde,
okamaly hökman diýip,
sen wagtyň ýitirmekden gorkarsyň,
emma ony içip, iýip,
goýandyrlar öňden bilseň,
çäräň bolmaz galsaň, ölseň.
Gaçyp gidip, ýa gutulyp bilmersiň,
ýalan-ýaşryk ýa-da ýarym hakykat,
her neneňsi hassa çykar öňüňden,
pikirini, käşgä pikir bolsady,
dakjak bolýan boýna aglap, ýalbaryp,
haýbat atyp arasynda her ýoldan,
ýa daşyňda tor gurarlar köp bolup,
a harpyndan şermendeler,
bilmeýänler bilýänini, bilmänin,
özüni aldanlar, ili aldanlar,
ýa aldaýan diýip ynanýan körler,
hüjüm eder çar tarapdan, aşakdan,
ýokaryňdan gelip urjak, çökerjek,
hemmesi ak jüýje, hemmesi gerçek.
Sen wagtyňy ýitirmekden gorkarsyň,
emma wagtyň ýitir käte galmagal,
gykylyk çeşmesin taşlap içerde,
telefonyň zyňyp öýüň duluna,
gaç daşaryk, ýok ýerine gatnaşyk,
adam bilen, ynsanlygy ýitiren,
git, tokaýda agaçlary gujakla,
ýa-da aýakýalaň ylga çägede,
serilip ýat mele ýerde birsellem,
begen biraz ümsümlige gömülseň,
hiç çekinme ýitirmekden wagtyňy,
ölmezden öň bir gün özüňe gelseň.