Bazar kanuny
Sen adama öz isleýän
sözlerini sözlemeli,
aýtmaly däl gulagyna
ýakmajagy eger-eger,
eger aýtsaň, taýak bolup,
gaýdyp geler hemem deger
iň agyrýan ýeriňe, bil;
sen adama öz isleýän
sözün sözle aklyň bolsa,
awlamak isleseň göwnün,
zyňylmajak bolsaň döwlüp,
çünki dünýe bazar diňe,
a sen haryt, sözüň bilen,
hatda kitap ýazmaly däl,
ýaramajak çap edýäne,
pul bolmajak azda-kände,
sen bazara öz isleýän
sözlerini sözlemeli,
ýatdan çykar çyny çyndan,
çünki diri galjak bolsaň,
döwüm çörek gözlemeli.