Saýlanan ykbal

Olar geçmişlerin saýlap almady,
din gylyjyn çalanlaryň pidasy,
beýnisini ýuwduranlar müň ýyllap,
kaýyldy bolşewik okundan ölmän,
ýa atynyň aşagyna ýykylman,
malyndan, mülkünden, öýünden-ilden
aýrylman gutulsa, bagty gelendi,
a ölenler, bir-iki däl, millionlap,
özleri günäkär, akyly ýetmän,
gedemlikden, samsyklykdan ölendi.

Olar şu gününi saýlap almady,
hem saýlady dymyp ýa-da el çarpyp,
belki, başgaça-da bolup bilerdi,
çäç ýokaryk çykyp, saýlanyp harpyk,
emma nirde ikilikçi, açgözler
jylawlady, nogta saldy dymana,
el çarpana serpaý ýapyp her ýylda,
iň köpe mis ýetdi, iň aza tylla.

Olar geljegini saýlap almady,
hemem saýlap, seçip aldylar ony,
indi käbirleri nägile bolýar,
ýaşmagyny syryp, gürleýän-de bar,
ýa diýjek bolýanlar: kim etdi muny?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024