Bu dünýe
Bu dünýe bir köçä meňzeş,
hemme haýdap, barýar işe,
haýwan, ynsan, parhy bolmaz,
hemme garnyn otarmaly,
ýöne diňe garyn ýa-da bokurdak,
şeýle bolup görünse-de,
iň esasy mesele däl,
belki, haýwan ýatar doýsa,
gaýgy etmän ertesini,
ajygýança ýene bir gün,
ine-gana dynjyn alar,
emma adam elmydama
başarmaýar dynç almagy,
ynjalmagy bir pursat-da,
sebäp onuň nebsi uly,
dogry, ilki haýwan ýaly,
iýer hemem içer gerek,
tünek gerek ýyljak, gowy,
soň geýeri gerek egne,
ilki abat, soňra zerli,
bäri-bärde durmaz sany,
ulag gerek, at ýa eşek,
a soň motor, maşyn, maşyn,
uly jaýlar, köşki-eýwan,
nädip alýar, aldap, çapyp,
ýa öldürip birlerini,
sorag berseň, halamaz ol,
soňra gämi, uçar gerek,
çägi bolmaz isleginiň,
nirä barsyn, nirä ýetsin,
hiç köşeşip bilmez, çünki,
san-sajaksyz guçar gerek,
yza dönmek kyn azana,
iň bolmanda iki-ýeke
depesinden s...ar gerek.