Baryga meselesi
M.Sakaşwilden
Sen baryga diýmek näme, bilýärmiň?
Bilmeseň-de bildirerler,
bilmedik bolarsyň, dogry, birsellem,
sebäp ýaşsyň, hatarlydyr ýollaryň,
a göz diňe görmäge däl,
ýummaga hem berilendir,
goý, başgalar görsün, walla,
maňa näme, meniňki däl bir dünýe,
men nämeüçin ot ýygmaly mallara,
gep kän özüň aklamga, ýuwmaga.
Sen baryga diýmek näme, bilýärmiň?
Bilmeseň-de bildirerler,
tanadarlar olar özlerin saňa,
sebäbi bir däldir, iki däldirler,
tanadarlar seniň eneň-ataňa,
çünki dyrmaşarlar ýokaryk barha,
içeri, daşary ministr, häkim,
çünki ýurduň başlaryna geýerler,
dogry, iki-ýeke bir-birin iýip,
türmä düşer, ýiter onuň töründe,
ýöne gara başyn pul berip alyp,
ogurlanyn alyp, gaçan-da bolar,
käsi busar, dogry, ýagdaýyn bilip,
emma arasynda ýüzi bekleri,
saňa akyl berer ertesi çykyp,
utandyrjak bolar, hemlejik atar,
sen baryga diýmek näme, bilýärmiň,
bilmeli bolarsyň bolsa-da hatar.