Ilkinji myşyň öňündäki içgepletme

60,
sag bol, ýetip geldiň,
40 ýyl ýazdym galamymy
ýekeje gün, ýeke pursat taşlaman,
93-den bäri gadagan, çünki
hak sözi götermez döwlet,
nähak eder ony başarsa günde,
töhbet atar, basar egniňden aşak,
aýagyna ýykjak bolar çöregiň,
suwuň kesip, namart bolar güýçlüler,
türmeli bolanlar, bolan tüpeňli,
ýarysy bu betbagtlygyň, belki-de,
sebäbi döwletde erksiz hem gedaý,
garyp galan beter yzgytsyz bolar,
içigara bolar beter,
bolar bahyl, özi özüne duşman,
eger-eger etmez puşman,
ezilenler ezjek bolar özüçe,
eýdip, beýdip, çar tarapdan aslyşar,
dogry, başda gaty görersiň, emma
bu durmuşdyr, görjegiňdir,
her ädimde goşgy beren,
kyssa beren galamyňa,
60, sag bol, bu günlere gelmek kyn,
eger-eger aňsat bolmady, bilýän,
40 ýyl durman orak ordum, armadym,
ýa-da hoşa çöpledim men, oglanjyk,
söz meýdany hor etmedi,
har etmedi, depjek bolan,
ýykjak bolan bolsa-da kän,
şükür, goldan, goran-da bar,
günde halym soran-da bar,
duran-da bar mert hem bile,
etjek bolman hile-mile,
sag bolsunlar sapaklary,
dersi üçin bigäneler,
özi ýatlar özlerine,
düşmese-de sözlerime!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024