Post-sowet durmuşy
Olar yza goýýar çykmagy öňe,
soňa goýýar özlerini aldyran,
galdyran ýerinden gözläp tapmagy,
çykarmagy, getirmegi ymykly,
gowşurmagy özlerine,
özüne seretmän öz gözi bilen,
gazetleriň gözi bilen seredip,
ýaşaýarlar mydar edip şindi hem,
bolýar diýip sogrulmasa içde dem.
Olar diýmeýärler ýalňyşdy bary,
bilip-bilmän ýa alaçsyz
bir bölegi bolduk taryhyň agyr,
adamy adamyň özünden alan,
a soň garşysyna goýan adamyň,
hem gyzýarlar Stalini agzasaň,
atasyna sögülen dek,
Lenin ýa-da onuň aýaly diýseň,
walla, eger-eger halamaýrlar,
gyzyllar, bolşewik gan dökdi diýseň,
gyrdy diýseň öz hakyny gorany,
namysyna deglen ýaly bozaryp,
söz tapany saňa topulýar arly,
söz tapmadyk dymýar içi kitüwli,
olar şindem Lenin bilen ýaşaýar,
ýaşaýarlar saýasynda serdaryň,
Stalin ýa başga biri, parhy ýok,
olar yza goýýar çykmagy öňe,
özlerine dolanmagy, gelmegi,
gaçan gara çukurundan dyrmaşyp,
käşge şeýdip saklap bolsa ölmegi.