Surat

Açlyk

Ýeri zorladylar adamlar üýşüp,
ilki azdan, soňra uzak, dyngysyz,
traktor sürdüler üstünden arlap,
tonna-tonna awy-zäher dökdüler,
a yzyndan suw kowdular sanawsyz,
gandyr diýip teşneligiň, he-he,
emma olar ýeriň teşneligin däl,
özüni edýärdi esasy gaýgy,
nireden nähili almaly diňe,
bermek gürrüňini agzama, gerçek,
partiýa sorasa, kim jogap berjek,
gapyldy gulagy, gözi milletiň,
a ýer çalajandy bireýýäm, birçak,
ýeri zorladylar olar birleşip,
çünki üýşüp bary aýak üstünde,
hem hemişe ýeriň üstünde durjak,
her etjek, iň gowy maşyny münjek,
hesip etjek, gowy jaýlary gurjak,
adam bolup ýaşajak däl ýeke gün,
oýunjak dükansyz obada doglan,
agzyn açsa aç men diýmän öwünjek,
ahyrynda oýnap öljek,
gözi doýman, gurjak-gurjak.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024