Ýönekeý hakykat
Bir kitap okasaň, ikinji kitap,
ikisin okasaň, üçünji kitap,
soň dördünji kitap, bäşinji kitap
sahypasyn açyp, garaşar saňa,
hem çagyrar, gije-gündiz ýatyrman,
ýolda-yzda, boş, bihuda oturman,
oka meni diýip çeker ýakaňdan,
emma birin okamasaň,
okamarsyň ikinjini,
öz ýanyňdan gözüň ýetýändir dünýä,
ýaradylan bir gün, birki sagatda,
kimdir birniň keýpi bilen,
sebäbi bilmersiň bilmeýäniňi,
a okasaň azda-kände,
iň esasy bilmeýäniň bilersiň,
ýa görersiň sözler nädip ýazylýar,
haýsy harpy ulanmaly nirede,
ýogyn näme, inçe näme,
hemem biljek bolýanlaryň,
özüne bigäne, ýat-kesekiň däl,
öwünjek bolýanyň diňe
kimdigine düşünersiň, gülersiň,
hemem ili üçin kelle döwýäniň,
ýanýanlaryň ýakynyna gelersiň.