Surat

Iş wagty

Şöhrat Kadyrowyň ruhuna bagyşlanýar

Bergen, 98, çal saçly Şöhrat,
şybygyny otlap ýene bir gezek,
diýdi: sen bileňok, emma men bilýän,
bilenimi diýmek bergim hem borjum,
her ýazan goşgyňa yzyndan hökman
ýazylan ýerini, senesini goý,
hatda gutarmadyk goşgyň wagtyny,
ýazylan ýerini belle unutman,
bir gün geler, seniň ýeke setiriň,
goý, ol gutarmadyk goşgy däl diňe,
gutramadyk setir bolsun ymykly,
bir kitap ýazmaga ýeter kämahal,
bu bir iş wagtydyr, seniň diýşiň dek,
ýa diýşi dek ussadymyz Pyragyň,
biz geçeris, olar geçer,
dünýe dursa, täzelener nesiller,
belki-de, ilimiz çykar gaflatdan,
çykjak bolup synanyşar bolmanda,
şonda biziň azabymyz gerek bor,
gerek bolar çeken jebri-jepamyz,
ýerden galmak üçin ýokarrak biraz,
ýa düşünmek üçin nädip çökdi il,
ýa nämeler ony ýoldan saklady,
hemem begen olar näme ýazsalar,
gaharly ýazsynlar, ýazsynlar gülüp,
bu özlerin açar olaryň beter,
hem galar taryha gelejek üçin,
sen esasy her setirňe sene goý,
görmäge we yzlamaga milletiň
gelen ýerin nirden nirlere göçüp.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024