Ýüregiňi gizle
Sen her kime ýüregiňi görkezme,
ýuwlan köýnek ýaly serme köçede,
diýme ile-güne ýarajak boldum,
hakyny iýmedim garyp-gasaryň,
çynam bolsa mazamlama aklygyň,
çünki köçe köçe bolar hemişe,
belki, özüň bilmän ýa niýet etmän,
ynjydarsyň bir nätanyş ildeşi,
kim-kimlere gurjak bolan ýalňyşyp,
ýa alaçsyz gaçan gara çukura,
ne ýigrensin, ne-de müňkür bolsun ol,
ne-de azap çeksin içi garalyp,
sen her kime ýüregiňi görkezme,
hanjar urjak bolmasynlar ar alyp.