Ejiziň öji

Hökümet zor bolsa, çyn sözüň üçin
işden kowar, türmä basar ýa däli,
tentek edip taşlar jaýyň duluna,
gaçsaň, ene-ataň, doganlaryňy
terror taýagynyň astyna atar,
emma bu elinden gelmez öň, ozal
üzeňňiden üç geçeniň her günde,
ahyrynda aslyşanyň, galanyň
syýasatyň tozanynda, kirşende,
herhal ony egsik görme atlydan,
eýeri altyndan, gamçysy hatar,
çünki pikir eder seniň göreşiň
il üçin däl, ogry üçin indiki,
egri üçin, azgyn üçin, belki-de,
ýok diýseň, dogmadyk güneşi batar,
a soň bazar gözlär özüne kybap,
geçjek ýeriň tapsa, mugtuna satar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024