Surat

Seniň durmuşyň

Durmuş seniň özüňki,
özüň bolup bilseň özüňki ilki,
özüň gelip bilseň özüňe ilki,
gitmeseň hiç başga ýere baş alyp,
özüňi kim-kimiň toruna salyp,
ýa sözüne uýup ýakynyň, ýadyň,
ýagşylyga umyt edip, aldanyp,
ýa-da gidip, ahyr bir gün dolansaň,
belki, gowy myhmançylyk,
emma öýüň gowy, bilseň,
gorap bilseň, gidermeseň,
durmuş seniň özüňki,
berme ony özüni
ýitirene ýolda, yzda,
ýitirenin bilmeýäne,
hemem, meger, tapmajaga hiç haçan,
diýýärler diýermiş alla içinden
hem kowalan, hemem gaçan,
durmuş seniň özüňki,
geleniňi bilýän bolsaň,
bilýän bolsaň gitjegiňi,
dil kömegin berseler-de,
pul kömegin berseler-de,
ýa berseler badak kömegin günde,
aýagyňa kakyp, eliňe kakyp,
kömek sora bolsa eger sürgünde,
ýöne bil öz etjegiňi!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024