Päl meselesi
Adamy ulaltjak boldular üýşüp,
sebäbi ol şere garşy,
şer başyna garşy çykdy sözünde,
emma özi düzüw däldi, bozukdy,
myhman alyp bolmajakdy hiç öýde,
düzüw bolsa öýüň, işigiň päli,
haýsy düzgün bolsa bolsun,
sosialist, kapitalist ýa başga,
oturmaly ýeri türmäniň duly,
näme geýdir, iýdir-içir, pula göm,
bolup biljek däldi peýdasy uly,
has dogrusy öz-özüne,
ýakyn-ýada problema, gendedi,
adam ýaly ýaşamak däl, ölmegi
başarmajak bendedi.
Adamy ulaltjak boldular üýşüp,
emma ol ulaldy, oňalmady hiç,
bir gün doldy sanalgysy, öwýänler
ýa ýarawsyz boldy, ýa eşitdi giç,
galmagal, gykylyk sowuldy, öçdi,
işlemedi tire, taýpa, syýasat,
jaýladylar, tamam, gutardy, geçdi,
unutdylar derrew adyny doly,
çünki sowallydy niýeti, päli.